Ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri

7 Iýul 2021
869

5-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy Wolkan Bozkyr bilen duşuşdy. Ýokary wezipeli myhman döwlet Baştutanymyz bilen salamlaşyp hem-de mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň BMG-niň ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaşy hökmünde halkara gatnaşyklarda işjeň orny eýeleýändigini, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamaga mynasyp goşant goşýandygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, jenap Wolkan Bozkyr hormatly Prezidentimizi şu ýyl bellenilýän ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.

«Daşoguz habarlary».