Ekologiýa abadançylygy üpjün edilýär

5 Iýul 2021
1420

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biziň ata-babalarymyz gözel tebigatymyz bilen sazlaşykda ýaşamagyň inçe usullaryny döredipdirler. Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, tebigy baýlyklarymyzy aýawly peýdalanmakdan we geljekki nesillerimize has gözel görnüşde ýetirmekden, bu ugurda sebit we halkara derejesinde ygtybarly hyzmatdaşlygy alyp barmakdan ybaratdyr. Häzirki wagtda eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda bu syýasat aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Munuň özi geçen ýyllaryň dowamynda milli Liderimiziň bu ugurda durmuşa geçirýän ägirt uly işleriniň we öňe sürýän başlangyçlarynyň tutuş dünýäde dabaralanýandygy bilen baglanyşyklydyr.

Daşky gurşawy goramak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ileri tutulýan ugry bolup durýar. Ekologiýa meselesi ýaly örän möhüm ugurlarda halkara gatnaşyklaryna işjeň gatnaşyp, Türkmenistan BMG-de oňyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hem-de giňeltmek, beýleki iri guramalar we düzümler bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edip, tutuş adamzadyň geljegine bagly bolan çözgütlere işjeň gatnaşýar. Biologiki köpdürlülik, çölleşmä garşy göreş alyp barmak hakyndaky, howanyň üýtgemegi baradaky, ozon gatlagyny goramak baradaky, serhetüsti suw akymlaryny we halkara köllerini goramak hem-de peýdalanmak baradaky BMG-niň düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy has-da ösdürýär.

Aýjan OMAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.