Halkara hyzmatdaşlygy pugtalanýar

4 Iýul 2021
1188

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwrebap özgertmeleriniň çäklerinde ähli ugurlarda uly üstünlikler gazanylýar. Halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatda amala aşyrylýan işler hem barha rowaçlanýar. Bu babatdaky tagallalar netijesinde ýurdumyzyň ulag-logistika kuwwaty artýar.

Türkmenistanyň yklymyň esasy ýollarynyň çatrygynda geografik taýdan amatly ýerleşmegi ýurdumyza Ýewraziýa gatnaşyklaryny üpjün etmek üçin mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz häzirki zaman ulag we aragatnaşyk ulgamyny emele getirmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belleýär. Bu syýasat ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge hem-de ählumumy abadançylygyň bähbidine giň sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga gönükdirilendir.

Isa SAPAROW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Ahal welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, kapitan.