Hoşniýetli gatnaşyklar dabaralanýar

2 Iýul 2021
958

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylymyzyň her bir güni il-ýurt bähbitli şanly wakalara beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň iňňän öňdengörüjilikli «Açyk gapylar» syýasaty her bir türkmenistanlyda uly ruhubelentlik duýgularyny döredýär. Ata Watanymyza buýsanjymyzy, söýgümizi goşalandyrýar. Öňe sürülýän ajaýyp başlangyçlar, durmuşa geçirilýän ägirt uly taslamalar, dünýäniň ençeme döwletleri bilen alnyp barylýan dürli ugurlardaky hyzmatdaşlyklar ýurdumyzyň ösüşinde möhüm ähmiýete eýe bolup, halkymyza rowaçlyklar hem-de şan-şöhrat getirýär.

Şu ýylyň 27 — 28-nji iýunynda dostlukly Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň ýurdumyza resmi sapar bilen gelmegi, ýokary derejede geçirilen gepleşikler we kabul edilen resminamalar iki ýurduň arasynda giň gerimli möhüm hyzmatdaşlygyň täze belentliklere tarap barýandygyny, milli Liderimiziň hemişelik Bitaraplyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerýän daşary syýasat ugrunyň barha rowaçlanýandygyny dünýä aýan etdi.

Selbi ORAZOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.