Dostluk ýollarynyň täze sepgidi

1 Iýul 2021
988

Halkymyzda ýol çekmek, köpri gurmak, adamlaryň arasynda agzybir gatnaşyklary berkitmek iň sogaply işleriň biri hasaplanýar. Bu günki gün hormatly Prezidentimiz dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürip, milli mirasymyzy umumadamzat gymmatlyklarynyň ýokary derejesine çykarmak bilen halklaryň arasynda dostluk köprülerini gurýar. Ol köprüler, ilki bilen, goňşy ýurtlarymyz, sebit döwletleri bilen aralykda gurlup, özara bähbitli gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň giň gerime eýe bolýan ýurtlarynyň biri-de dostlukly Gyrgyz Respublikasydyr. Baý taryha we gadymy däp-dessurlara eýe bolan ol gatnaşyklar ajaýyp zamanamyzda täze basgançaklara çykýandygyny Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza resmi saparynyň netijeleri hem dünýä äşgär etdi.

Türkmenistan hem Gyrgyz Respublikasy halkara hyzmatdaşlygynyň öňdebaryjy görnüşlerine we häzirki zaman tehnologiýalara esaslanýan ykdysadyýetiniň senagat ugruny işjeň ösdürýän döwletler bolmak bilen, abraýly halkara we sebit düzümleriniň, esasan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ýygjam gatnaşyklary alyp barýar. Iki ýurduň gülläp ösüşleriniň we abadançylygynyň hatyrasyna alnyp barylýan köpugurly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de geriminiň giňejekdigine belent mertebeli myhman bilen hormatly Prezidentimiziň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde gazanylan ylalaşyklar hem şaýatlyk edýär.

Maral MÖWLAMOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.