Türkmenistan – Gyrgyz Respublikasy: möhüm hyzmatdaşlygyň täze belentliklerine tarap

1 Iýul 2021
1095

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Sadyr Žaparow bilen gepleşikleri geçirdi

Oguz han adyndaky Köşkler toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen resmi sapar bilen ýurdumyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda gepleşikler boldy. Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşülenden soň ikiçäk görnüşinde ýokary derejeli gepleşikler geçirildi. Hormatly Prezidentimiz gyrgyz Liderini sahawatly türkmen topragynda görýändigine şatdygyny aýdyp, oňa Türkmenistana resmi sapar bilen gelip görmäge iberilen çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiz doganlyk Gyrgyzystan bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, belent mertebeli myhmanyň Gyrgyz Respublikasynyň baştutany hökmünde biziň ýurdumyza guran ilkinji saparynyň örän netijeli boljakdygyna ynam bildirdi. Belent mertebeli myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, birek-birege hormat goýmak we taryhy taýdan hoşniýetli goňşuçylyk hem-de ruhy umumylyk arkaly baglaşýan iki halkyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejä ýetendigini kanagatlanma bilen nygtady. Taraplar sebitara we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar.