Telefon arkaly söhbetdeşlikler

30 Iýun 2021
896

29-njy iýunda hormatly Prezidentimiz bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlikler boldy.

Söhbetdeşlikleriň başynda dostlukly döwletleriň Baştutanlary hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy milli Liderimizi doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, abadançylyk we köpugurly döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdiler. Hormatly Prezidentimiz gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyz bilen dostlukly döwletleriň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk, öňden gelýän dostluk, birek-birege ynanyşmak hem-de özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň bu gün ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigini nygtady. Telefon arkaly söhbetdeşlikleriň dowamynda taraplar köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassyklap, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda gatnaşyklaryň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

"Nesil".