Türkmen-gyrgyz gatnaşyklary täze derejä çykýar

30 Iýun 2021
1016

Şu hepdäniň duşenbe güni paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de resmi sapar bilen ýurdumyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän Garaşsyzlyk meýdanynda belent mertebeli myhmany resmi taýdan garşylamak dabarasy tamamlanandan soň, iki dostlukly ýurduň Liderleri Oguz han adyndaky Köşkler toplumyna bardylar. Bu ýerde ikiçäk görnüşindäki ýokary derejeli gepleşikler geçirildi.

«Aşgabat».