Türkmenistan — Gyrgyz Respublikasy: möhüm gatnaşyklaryň täze ugry

28 Iýun 2021
1022

AŞGABAT, 27-nji iýun (TDH). Şu gün Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistana resmi sapar bilen geldi.

Aşgabadyň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde dostlukly döwletiň Baştutanyny ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar. Uçaryň ýanynda belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Asylly däbe görä, milli lybasdaky oglanjyk we gyzjagaz gyrgyz Liderine gül desselerini gowşurdy.