Bagtyýar çagalaryň baýramy

23 Iýun 2021
1230

2021-nji ýylyň Çagalary goramagyň halkara güni, hakykatdan-da, möhüm wakalaryň biri boldy, çünki ol Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän döwrüne gabat geldi.

Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti bilen bilelikde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň irki dikeldiş bölümine baryp, bu ýerde döredilýän hyzmatlardan peýdalanýan çagalardyr olaryň ejeleri bilen gürrüňdeş bolmak meniň üçin aýratyn hormat boldy. Çaganyň öz ösüşinde başdan geçirip biljek käbir näsazlyklarynyň ilkinji alamatlaryny ýüze çykarmakda bölümiň hünärmenleri tarapyndan alnyp barylýan uly işleriň şaýady bolmak bizde kanagatlanma duýgusyny döretdi. Şeýle näsazlyklar ýüze çykarylanda, çagalardyr ene-atalara her bir çaganyň zerurlyklary aýratyn göz öňünde tutulyp işlenip taýýarlanan anyk bilim beriş we sagaldyş maksatnamalarynyň çäklerinde goldaw berilýär.