Parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerimiz halkara gatnaşyklarda giň ykraryýete eýe bolýar

11 Iýun 2021
836

10-njy iýunda Adalat köşgüniň mejlisler zalynda döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de Ylymlar güni mynasybetli «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy — parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ösüşler» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň 2021-nji ýyl üçin iş meýilnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde geçirilen bu maslahat Ýokary kazyýet, Daşary işler ministrligi hem-de Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan guraldy.

Maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistanda işleýän halkara guramalaryň, ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ylmy işgärler, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi, talyp ýaşlar hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Ylmy-amaly forumyň gün tertibine adam hukuklarynyň üpjün edilmegi, döwletliligi we milli kanunçylyk ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

"Nesil".