Belent üstünliklerden täze ýeňişlere

11 Iýun 2021
808

9-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek meseleleri girizildi.

Döwlet Baştutanymyz maslahaty açyp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berdi. Wise-premýer hasabatyny ýurdumyzyň ýüpekçileriniň pile tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirendikleri we Watan harmanyna 2 müň 100 tonnadan gowrak pile tabşyrandyklary hakyndaky hoş habar bilen başlady.

«Watan».