Kazyýet we sanly ulgam

11 Iýun 2021
814

Gahryman Arkadagymyzyň ylmy taýdan esaslandyrylan öňdengörüjilikli syýasatynyň hem-de başlangyçlarynyň netijesinde, döwlet dolandyryşynyň we jemgyýetçilik gurluşynyň ähli ulgamlaryna halkara ülňülerine laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalarydyr maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny yzygiderli ornaşdyrmak bilen, sanly ulgama geçmek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Munuň özi, ähli ugurlar bilen bir hatarda, kazyýet ulgamynyň öňünde hem täze wezipeleri goýýar we kazyýetleriň işiniň hil taýdan ýokary derejelere ýetmegini şertlendirýär.

«Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny ösdürmegiň 2017—2021-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, kazyýet edaralarynyň arasynda elektron gatnaşyklar ýola goýuldy. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň elektron hukuk maglumat binýady we ýöriteleşdirilen elektron hukuk kitaphanasy döredildi hem-de bu işlere döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, olar bilen bagly ýörite programmalary işe girizmek boýunça wezipeler durmuşa geçirilýär. Munuň özi kazyýet edaralarynyň arasynda maglumatlaryň çalt we elýeterli dolanyşygyna ýardam edýär.

Çemen AMANGELDIÝEWA,
Daşoguz welaýat kazyýetiniň uly maslahatçysy.