Halal zähmet — baky döwlet

11 Iýun 2021
923

Oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşleriniň öndürilişini artdyrmak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Soňky ýyllarda türkmen daýhanlaryna döwlet tarapyndan ýakyndan goldaw berilmegi netijesinde, oba hojalyk pudagy okgunly ösüşe eýe boldy. Bular barada milli Liderimiziň şu hepdäniň çarşenbe güni Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynda giňişleýin gürrüň edildi.

Iş maslahatynyň gün tertibine ara alyp maslahatlaşmak üçin möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek meseleleri girizildi. Maslahat ýurdumyzyň ýüpekçileriniň pile tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilendigi hakyndaky hoş habar bilen başlandy.

«Aşgabat».