Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinden soňky oýlanmalar

9 Iýun 2021
704

Möhüm ädim

Ajap eýýamymyzda milli ykdysadyýetimizde gazanylýan uly üstünlikler döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçýän guwançly wakalar bilen utgaşýar. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylymyzyň ýene bir möhüm wakasynyň şaýady bolmak bagty miýesser etdi. Has takygy, gözel paýtagtymyzdaky täze gurlup, ulanmaga berlen Halk Maslahatynyň Diwanynyň ajaýyp binasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi.