Milli atşynaslyk däpleri ösdürilýär

8 Iýun 2021
867

6-njy iýunda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda bolup, ynsan gylykly bedewleri bilen didarlaşdy.

Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň atşynaslarynyň adyndan Gahryman Arkadagymyza sowgat berlen, 2018-nji ýylda doglan Hankerwen atly bedewi hem-de toý lybaslaryny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa uly hormat bilen gowşurdy.

«Mugallymlar gazeti».