Asylly ýörelgelere eýerip

7 Iýun 2021
789

Öňňin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda bolup, ynsan gylykly bedewleri bilen didarlaşdy.

Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen Türkmen alabaýynyň baýramynyň bilelikde bellenilen pursatlarynda ýurdumyzyň atşynaslarynyň adyndan Arkadag Prezidentimize şanly sene mynasybetli sowgat berlen, 2018-nji ýylda doglan Hankerwen atly bedewi hem-de toý lybaslaryny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa uly hormat bilen gowşurdy.