Türkmen-rus gatnaşyklary ösdürilýär

7 Iýun 2021
881

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet şu ýylyň 3 - 4-nji iýuny aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde iş saparynda boldy, ol ýerde XXIV Peterburg halkara ykdysady forumynyň işine gatnaşdy.

Häzirki döwürde dostlukly, netijeli we strategik häsiýete eýe bolan döwletara türkmen-rus gatnaşyklary täze mazmuna eýe bolýar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň XXIV Peterburg halkara ykdysady forumynyň işine gatnaşmagy ýurdumyzyň sebit we dünýä derejesinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine işjeň garaýşynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.