Daşky gurşawy goramak we milli kanunçylyk

30 Maý 2021
1587

Zeminde howanyň üýtgemegi, ösümlikleriň we haýwanlaryň biodürlüliginiň azalmagy, daşky gurşawyň hapalanmagy, ozon gatlagynyň ýukalmagy bilen bagly global meseleleriň oňyn çözgüdini işläp taýýarlamak, dünýäniň ähli döwletleri bilen daşky gurşawy goramakda hyzmatdaşlygy ýola goýmak möhüm wezipeleriň biridir. Bu meseleler boýunça dünýä möçberinde ägirt uly işler amala aşyrylýar. Ýarym asyra golaý mundan ozal, has takygy, 1972-nji ýylda Stokgolm şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşawy goramak boýunça geçirilen konferensiýasynda 5-nji iýuny Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni diýlip yglan edildi. Şondan bäri Zeminiň 100-den gowrak döwletinde her ýylyň 5-nji iýuny Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni diýlip bellenip geçilýär. Biziň ýurdumyzda hem Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanyp ylmy-amaly maslahatlar we medeni çäreler geçirilýär.

Rejepgeldi MEREDOW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy, oba hojalyk ylymlarynyň doktory. Surata düşüren Ilaman Çüriýew.