Amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmagyň wezipeleri

28 Maý 2021
701

26-njy maýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynda hormatly Prezidentimiz, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary bilen geçiren maslahatynda olaryň alyp barýan işleri bilen tanyşdy, şeýle hem bu düzümiň işini guramak bilen bagly möhüm wezipeleri kesgitledi.

Gün tertibine girizilen meseleler boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň komitetleriniň başlyklary hasabat berdiler.

«Daşoguz habarlary».