Aşgabat — parahatçylyk döredijilik we hyzmatdaşlyk merkezi

26 Maý 2021
887

24-nji maýda döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllyk şanly baýramyna bagyşlanan giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Mejlise Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, aýry-aýry ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň başynda oňa gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda giňden bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni hem-de ak şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk şanly baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.

"Nesil".