Paýtagtymyz — milliligiň nusgasy

26 Maý 2021
899

Milli binagärlik sungatymyz bagtyýarlyk döwründe ýetilen belent sepgitleri, halkymyzyň mirasymyza, medeniýetimize bolan uly sarpasyny alamatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen has-da ösen paýtagtymyz Aşgabadyň binagärlik gurluşygynda, gözel desgalarynda milli mirasymyz we köpasyrlyk medeniýetimiz öz mynasyp beýanyny tapýar.

Häzirki wagtda milli Liderimiz şähergurluşyk taslamalarynyň we olaryň ýanaşyk ýerleriniň ekologiýa medeniýetine kybaplygyna, binalaryň hem-de desgalaryň içki we daşky görnüşinde türkmeniň baý ruhy dünýäsine mahsus bezeg işleriniň ýerine ýetirilmegine aýratyn ünsi çekýär. Gurulýan desgalaryň ählisinde bu babatdaky wezipeleriň üstünlikli çözülmegine uly ähmiýet berilýär. Şu nukdaýnazardan, ösen paýtagtymyz Aşgabat ýyl-ýyldan has-da gözelleşýär.

Maýa HALYKBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň aspiranty.