Eziz paýtagtymyz — ak bagtymyz

25 Maý 2021
684

24-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Aşgabadyň 140 ýyllyk şanly baýramyna bagyşlanan giňişleýin mejlisini geçirdi. Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, aýry-aýry ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň we beýleki ýolbaşçylaryň çagyrylmagynda geçirilen bu mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Milli Liderimiz mejlisiň başynda oňa gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy Aşgabat şäheriniň güni hem-de ak şäherimiz Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllyk şanly baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.

«Mugallymlar gazeti».