Aşgabat — rekordlar şäheri

24 Maý 2021
614

Ady aýdym bolup kalplara dolan Aşgabadymyzyň esaslandyrylanyna şu gün 140 ýyl dolýar. Bu taryh üçin uly pursat däl. Emma yşkdan bina bolan juwan şäherimiz ýaşlygyň, söýginiň şäheri hökmünde ençeme nesilleriň aňynda, ýüreginde orun aldy. Baş şäherimiziň waspy şygyrlara, aýdymlara, ajap eserlere siňdi. Olaryň ählisi bizde mähriban şäherimize bolan belent söýgini, hormaty oýarýar. Hawa, taryhyň şöhratly hem synagly sahypalaryny başdan geçiren baş şäherimiz bu gün milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda täzeden galkynýar, özgerýär, gözelleşýär. «Binasy berk, belent-belent jaýlara awara durnalaň ganaty degsin» diýip arzuwlanan Aşgabadymyz ak mermerli binalary bilen göreni haýrana goýýar. Muny baş şäherimiziň täzeçil, tebigat bilen utgaşykly gaýtalanmaz keşbi, hususan-da, paýtagtymyzyň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda orun alan täsinlikleri aýdyňlygy bilen subut edýär.

ÝYLDYZYŇ IŇ ULY BINAGÄRLIK KEŞBI

Sahypany taýýarlan Kakajan ÇARYÝAROW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň 5-nji ýyl talyby, «Nesil».