Bagtyýar günleriň buýsanjy

24 Maý 2021
682

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda bagtyýar zamanamyzda il-ýurt bähbitli we umumadamzat ähmiýetli tutumlar rowaçlanyp, pederlerimiziň asylly ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär. Geçen hepdäniň ahyrynda ýurdumyzda bolup geçen möhüm wakalar bu hakykaty bütin aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

21-nji maýda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek, Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk, awtomobil ulaglary pudagynyň tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak bilen bagly meselelere seredildi.