Habarlar

14 Maý 2021
1043

HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ GUTLAGY
Türkmenistanyň Prezidenti Oraza baýramy mynasybetli, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna Gutlag iberdi. Gutlagda şeýle diýilýär: «Oraza baýramy adamzadyň ruhy tämizlik, ahlak arassalygy, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, dostluk we doganlyk, şükranalyk hem-de agzybirlik ýaly gymmatlyklaryny dabaralandyrýar. Şoňa görä-de, müňýyllyklaryň dowamynda örän baý medeni we ruhy gymmatlyklary döreden halkymyz beden we ruhy taýdan päklenmegiň, haýyr-sahawatyň keremli aýy hökmünde Oraza aýyna, rehim-şepagatlylygyň, haýyr-sahawatlylygyň mübärek gijesi bolan Gadyr gijesine aýratyn sarpa goýýar».

* * *

Metbugat habarlary esasynda taýýarlanyldy.