Dostlukly däplere eýerip

14 Maý 2021
1024

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugy bilen ýurdumyzyň wekiliýeti 10-njy maýda HHR-iň Sian şäherine iş saparyna ugradyldy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedowyň HHR-iň Döwlet Geňeşiniň agzasy, daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar iki döwletiň arasyndaky syýasy gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Baştutany Si Szinpiniň arasynda ýakynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň giň toplumy boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek babatda gyzyklanmalar nygtaldy.

«Aşgabat».