Milli ýörelgelere sarpa

11 Maý 2021
795

9-njy maýda ýurdumyzda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy bellenildi. «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda geçirilen gül goýmak çäresine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen hem-de Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy, Aşgabadyň 140 ýyllygy dabaralandyrylýan ýylda Ýeňiş güni Oraza aýynda bellenilýän seneler bilen gabat geldi. Bu sene ata-babalaryna buýsanýan, olaryň wesýetlerini sarpalaýan türkmenistanlylaryň ýaş neslini terbiýelemekde aýratyn ähmiýete eýedir.

«Mugallymlar gazeti».