Hyzmatdaşlyk ösdürilýär

30 Aprel 2021
1125

Sebitde strategik orny eýeleýän Türkmenistan tebigy serişdelere örän baýdyr. Diýarymyzda alnyp barylýan syýasatyň ileri tutulýan ugurlary ýurduň yzygiderli öňe hereket etmegini gazanmakdan, ykdysadyýeti we durmuş ulgamyny ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleriň hemmesini peýdalanmakdan, ähli ulgamlara iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Netijede, zehinli, zähmetsöýer türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşynyň hilini we derejesini durnukly ýokarlandyrmagy gazanmak maksat edinilýär.

Şunuň bilen baglylykda, energetika pudagyny ösdürmek, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna maýa goýumlary çekmek üçin maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak, saglygy goraýyş, bilim, ylym we işewürlik ulgamlarynyň derejesiniň hil taýdan ösüşini üpjün etmek maksady bilen, täze maglumat tehnologiýalaryna maýa goýmak ýaly strategik ugurlar rowaçlygy gazanmagyň möhüm ýagdaýlary bolup durýar.

«Aşgabat».