Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

19 Aprel 2021
936

16-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň wajyp meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz gün tertibiniň meselelerine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G. Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzüminde işleriň ýagdaýy hem-de halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklaryny, şeýle hem telekeçilik ulgamyny okgunly ösdürmäge gönükdirilen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.