Saglygy goraýyş merkeziniň işi ileri

19 Aprel 2021
967

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ähli ulgamlar bilen deň hatarda saglygy goraýyş ulgamynda hem ägirt uly işler amala aşyrylýar. Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda 2020-nji ýylda ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ulanylmaga berlen Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezi açylan gününden bäri, halkymyza hyzmat edip gelýär. Birnäçe abraýly halkara baýraklara mynasyp bolan Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezi ähli öňdebaryjy, döwrebap, kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr.

Merkeziň maslahat beriş, anyklaýyş, kabul ediş bölümi bolup, onuň düzüminde gaýragoýulmasyz tiz kömek otaglary, barokamera, balneologiýa, dikeldiş-reabilitasiýa, intensiw bejeriş, reanimasiýa we anesteziologiýa, barlaghana, plastiki operasiýa, çagalar we uly adamlaryň ýanyk şikeslerini bejeriş bölümleri bar.

Akmyrat GYLYÇDURDYÝEW,
Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkeziniň direktory.