Beýik işler dünýä dolýar

16 Aprel 2021
825

14-nji aprelde paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halk Maslahatynyň Diwanynyň täze binasynyň açylyş dabarasy boldy hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasynyň toý bagyny kesip, binany gözden geçirenden soň, onuň kiçi mejlisler zalyna bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine birnäçe guramaçylyk meseleleri girizildi.