Täze ýyladyşhana toplumlarynyň işine badalga berildi

26 Mart 2021
1027

25-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Kaka etrabynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy — «Oguz ýol» hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan hem-de ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň önümçilik düzüminiň üstüni ýetiren döwrebap ýyladyşhana toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şeýle hem, döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan täze ýyladyşhanalaryň açylyşyna ak pata berdi.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri tarapyndan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen obasenagat toplumynyň täze desgalary gurlup, ulanylmaga berildi. Obasenagat pudagynda ýöriteleşdirilen hususy kärhanalar azyk bolçulygynyň berkidilmegine, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiliklerini döretmek baradaky wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, ýurdumyzda öndürilýän azyk harytlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga hem-de eksportyny giňeltmäge uly goşant goşýarlar.

«Watan».