Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Hususy oba hojalyk önümlerini öndürijileri goldamak döwlet ähmiýetli wezipedir

26 Mart 2021
1052

25-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Kaka etrabynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy — “Oguz ýol” hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan hem-de ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň önümçilik düzüminiň üstüni ýetiren döwrebap ýyladyşhana toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan täze ýyladyşhanalaryň açylyşyna ak pata berdi.

Hormatly Prezidentimiziň dikuçary TSTB-niň agzasy — “Oguz ýol” hojalyk jemgyýeti tarapyndan G. Atabaýew adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde gurlan ýyladyşhananyň golaýyndaky ýörite meýdançada gonýar. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesýär hem--de pomidor, şeýle hem gök önümleriň beýleki görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek üçin niýetlenen toplumyň çägine girýär.