Waspyň sena boldy dillere, bedew!

24 Mart 2021
1104

23-nji martda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Bedew batly öňe barýar Arkadagly Türkmenistan!» atly çäre geçirildi

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň önümçilik-atçylyk bölüminiň uly atbakary Nuraly Rahymowa hormatly Prezidentimiziň adyndan döwlet sylagyny hem-de Şa serpaýyny gowşurmak dabarasy boldy. Milli Liderimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, ussat atbakara «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly at dakyldy.

"Nesil".