Dünýäniň gözelligi baglarda

20 Mart 2021
1747

Düýn hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berildi

Päk asmanyň altyn ýaly lowurdap duran Gün bilen, ýyldyzly gijeleriň aýdyň Aý bilen gelşikli görnüşi ýaly, daş-töwerek, ümmülmez tebigat bagy-bossanlyk bilen görklüdir. Tebigat bilen ynsanyň özara sazlaşygyna aýratyn ähmiýet berip, raýatlarynyň saglygynyň, ýaş nesilleriň beden berkliginiň aladasyny edýän Gahryman Arkadagymyz «ýaşyl hazynamyzyň» gorunyň artmagyny elmydama üns merkezinde saklaýar. Hut şol sebäpli-de, eziz Diýarymyzda geçirilýän her bir toý-dabara, ähmiýetli çäre köpçülikleýin bag ekmek dabarasy bilen özüniň hakyky many-mazmunyna eýe bolýar. Muňa dek düýnüň özünde bolup geçen şatlykly wakalar hem aýdyň mysal bolup biler.

Ogulbeg JUMAÝEWA,
«Nesil».