Halk häkimiýetliliginiň döwrebap usuly

18 Mart 2021
984

Türkmen jemgyýetiniň täze taryhy eýýamynda döwrebap özgertmeler durmuşa geçirilýär. Geçen ýylyň sentýabr aýynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde makullanylan, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion Kanuny ýurdumyzyň taryhynda aýratyn ähmiýetli waka boldy. Geçirilen konstitusion özgertmeler jemgyýetimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmakda möhüm ädime öwrüldi.

Esasy Kanunymyzyň 4-nji maddasynda: “Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir. Döwlet her bir raýatynyň öňünde jogapkärdir we şahsyýetiň erkin ösmegi üçin şertleriň döredilmegini üpjün edýär, raýatyň janyny, at-abraýyny, mertebesini, azatlygyny, şahsy eldegrilmesizligini, tebigy we aýrybaşgalanmaz hukuklaryny goraýar” diýlip kesgitlenilýär. Her bir raýatyň Konstitusiýa we kanunlar bilen öz üstüne ýüklenilen borçlaryň ýerine ýetirilmegi üçin döwletiň öňünde jogapkärdigi hem şol maddada berkidilendir. Şeýlelikde, jemgyýetiň adamyň öňündäki jogapkärçiligini we adamyň jemgyýetiň öňündäki jogapkärçiligini göz öňünde tutýan şahsyýet bilen jemgyýetiň bitewi özara baglanyşygynda döwletimiziň demokratik mazmuny jemlenýär.

Daýanç ANNADURDYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.