«Akylly» şäherler: geljege gönükdirilen iri taslamalar

17 Mart 2021
906

Muny hormatly Prezidentimiziň 16-njy martda paýtagtymyz hem-de Ahal welaýaty boýunça amala aşyran iş sapary hem aýdyň tassyklaýar

Irden milli Liderimiz paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde gurulýan köpugurly işewür merkezli kaşaň «Garagum» myhmanhanasyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyza bu desgada geçirilýän degişli işler, şol sanda ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berildi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz «Laçyn» seýilgähiniň gurluşygynyň tapgyrlary we ýerleşişiniň aýratynlyklary, onuň çäginde guruljak beýleki desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňläp, milli Liderimiz ähli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleriň ýokary hil derejesine möhüm üns berilmelidigini aýtdy, birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

"Nesil".