Döwrebap tehnologiýalara daýanyp

17 Mart 2021
876

Aşgabadyň häzirki zaman şähergurluşyk syýasatyny öňe sürýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz we onuň töwerekleri boýunça guraýan iş saparlarynyň dowamynda öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler bilen içgin tanyşýar. Milli Liderimiz hünärmenleriň we işgärleriň iş şertleri, olaryň durmuşa geçirýän çäreleriniň netijeleri bilen gyzyklanyp, gurluşyk meýdançalarynda ulanylýan serişdeleriň hili we amala aşyrylýan taslamalaryň ahyrky netijesine täsiri bolan beýleki köpsanly meseleler bilen gyzyklanyp durýar.

Arkadag Prezidentimiziň hut şeýle yzygiderli aladalary netijesinde paýtagtymyz gülläp ösdi we dünýäniň owadan şäherleriniň birine öwrüldi. Paýtagtymyz ak mermerli belent binalary bilen ýylsaýyn öz çägini giňeldýär, abadanlaşdyrylýar we häzirki zaman şäherine, halkara derejesindäki syýasy we işewür merkezine öwrülýär hem-de dünýäniň dürli künjeklerinden syýahatçylary özüne çekýär. Milli Liderimiz işiniň köpdügine garamazdan, paýtagtymyzyň amatly, häzirki zaman we myhmansöýer şäher hökmündäki derejesine laýyk gelýän möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilişini hut özi gözegçilikde saklaýar.

«Aşgabat».