Habarlar

17 Mart 2021
785

HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ GUTLAGY
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli geçirilýän sergä hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahatyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi. Gutlagda şeýle diýilýär: «Bu dabaraly çäreleriň geçirilmegi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Çünki, berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň giňden baýram edilýän ýylynda guralýan sergi hususy telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen syýasatyň üstünlikli amala aşyrylýandygyna, ýurdumyzyň telekeçilerine berilýän döwlet goldawlarynyň öz miwelerini berýändigine şaýatlyk edýär».

* * *

TDH-niň habarlary esasynda taýýarlanyldy.