Gerçekler öňe saýlandy

17 Mart 2021
755

Ýakynda maýor Hoşgeldi Muhyýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde podpolkownik Azat Altyýewiň guramagynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň meýilnamasy esasynda yglan edilen «Gerçek ýigit — goç ýigit» atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşik diýseň çekeleşikli we gyzykly geçdi. Ýaryşa gatnaşyjylar bäsleşigiň Düzgünnamasyna görä aýdym aýtmak, çeper okaýyş, gumanitar taýýarlygyndan test sowallaryna jogap bermek we beden taýýarlygy boýunça bäsleşdiler. Ýaryş ezber, başarjaň, tutanýerli gerçek hem-de goç ýigitleriň birnäçesini ýüze çykardy. Bäsleşigiň netijesi boýunça çagyryş boýunça harby gullugyň seržanty Hangeldi Hudaýgulyýew 1-nji, kiçi seržant Abdulaziz Annamämmedow 2-nji, esger Mekan Öwezmyradow bolsa 3-nji orna mynasyp bolup, TMÝG-niň şäher geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary we serkerdäniň adyndan Hormat hatlary bilen sylaglandylar.

Tirkeşmyrat ATAMYRADOW,
 maýor.