Aziýanyň merjeni sen, Aşgabat!

8 Mart 2021
767

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen gözel paýtagtymyz Aşgabadyň keşbi tanalmaz derejede özgerýär. Ak mermerli paýtagtymyzda gurulýan durmuş maksatly binalardyr beýleki dürli desgalar halkymyzyň ýokary ýaşaýyş derejesini üpjün edýär. Bu ýerde halkara görkezijilere kybap gelýän işleriň amala aşyrylmagy netijesinde paýtagtymyz Aşgabadyň gurluşyk infrastrukturasy has-da kämilleşýär we barha ösýär.

Häzirki wagtda Aşgabat dünýäniň iri we has ösen şäherleriniň biri hökmünde ykrar edilýär. Milliligiň we dünýä tejribesiniň sazlaşygy esasynda binagärlik keşbi kemala getirilýän paýtagtymyzda gurulýan desgalar gaýtalanmajak özboluşly sungat eseri hasaplanylýar. Muňa Aşgabadyň birnäçe desgalarynyň — taýsyz gözellikleriniň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndan orun almagy hem doly şaýatlyk edýär. Bu kitapdan 2008-nji ýylda Aşgabatda beýikligi 133 metr bolan Baýdak sütüni we 2010-njy ýylda 27 sany sazlaşykly suw çüwdürimlerini özünde jemleýän «Oguzhan we ogullary» suw çüwdürim-binagärlik toplumy ýer aldy. Bulardan başga-da, «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň binasynyň baş bezegi bolan Oguz hanyň ägirt uly ýyldyzynyň keşbi, «Älem» medeni-dynç alyş merkezi, paýtagtymyzyň Halkara howa menzili hem-de Aşgabat Olimpiýa stadionynyň münberiniň bezegine öwrülen bedewiň çeper keşbi we Olimpiýa şäherçesiniň Sportuň suw görnüşleri toplumy Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi.

Mähri MYRADOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.