Beýik ösüşler halkyň bähbidine

8 Mart 2021
814

5-nji martda hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen iki aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, içeri we daşary syýasatyň möhüm meselelerine garaldy. Şol meseleleriň çözülmegi bolsa halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary 2021-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda, gurluşyk, energetika, ulag we aragatnaşyk, ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet, halkara gatnaşyklary we beýleki ugurlarda amala aşyrylan işler, gazanylan netijeler, şeýle hem, ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna we paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdiler.

«Watan».