Durnukly ösüş üpjün edilýär

7 Mart 2021
896

Geçen anna güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Şu ýylyň geçen iki aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenilen bu mejlisde içeri we daşary syýasatyň möhüm meselelerine hem garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hasabatyny diňledi we olaryň her biri boýunça ähmiýet berilmeli işlere ünsi çekdi hem-de degişli görkezmeleri, tabşyryklary berdi.

«Mugallymlar gazeti».