Halkara hyzmatdaşlygynda täze tapgyr

5 Mart 2021
708

4-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (EKO) göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen XIV sammitiniň işine gatnaşdy.

Sammite Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Imran Han we EKO-nyň Baş sekretary doktor Hadi Süleýmanpur gatnaşdylar. Şeýle hem ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşmak üçin Türksoý Geňeşiniň Baş sekretary Bagdad Amreýew, Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnak we beýlekiler çagyryldy.