Resmi habarlar

1 Mart 2021
901

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli künjeklerini gurşap alan giň gerimli özgertmeleriň öňbaşçysy bolan paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň döwletimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň aýdyň nyşany bolup durýandygyny dünýä giňden ýaýmak, Aşgabadyň ýurdumyzyň baş syýasy, durmuş-ykdysady, tehnologik ösüşiň we innowasiýalaryň milli merkezi, döwletimiziň ylym-bilim hem-de medeni merkezi bolup, dünýäniň öňdebaryjy we ösen şäherleriniň hatarynda mynasyp orun alýandygyny halkara jemgyýetçilige açyp görkezmek, baş şäherimiziň geçen taryhy ösüş ýolunyň özboluşlylygyny wagyz etmek hem-de häzirki döwürde Aşgabatda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň dünýä nusga alarlyk bolup durýandygyny äşgär etmek, şeýle hem Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllyk baýramyny guramaçylykly we ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Hökümet topary döredildi hem-de bu toparyň düzümi, geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Degişli ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna hem-de Aşgabat şäheriniň häkimligine Meýilnamada bellenen dabaralaryň we çäreleriň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

(TDH).