Türkmen-özbek hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar

18 Fewral 2021
880

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan goňşy döwletler, şol sanda Özbegistan Respublikasy bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli pugtalandyrýar. Dostlukly iki döwletiň hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary hökmünde gaz, elektroenergetika, ulag-aragatnaşyk pudaklaryny, söwda, obasenagat, medeniýet ulgamlaryny görkezmek bolar. Türkmenistan bilen Özbegistan hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýärler. Muňa öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilowy kabul edende ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň salamyny döwlet Baştutanymyza ýetirdi. Goňşy ýurduň Baştutany milli Liderimize hem-de dostlukly türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

«Mugallymlar gazeti».