Watanymyzyň döredijilik kuwwaty barha artýar

10 Sentýabr 2024
58

Döwletimiziň binýatlaýyn esaslaryny has-da berkitmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, ähli pudaklaryň düzümlerini döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, umumy maksatlara ýetmegiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalarynyň möhüm wezipeleridir.

2-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Bellenilişi ýaly, welaýatlarda bugdaý ekişine, pagta ýygymyna taýýarlyk görülýär. Pagta arassalaýjy kärhanalaryň, pagta kabul ediş harmanhanalarynyň, degişli oba hojalyk tehnikalarynyň bökdençsiz işledilmegi, ýokary hilli bugdaý tohumyny taýýarlamak üçin ähli zerur çäreler görülýär. Ýurdumyzda geljek ýyl bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, häzirki wagtda bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş, çil çekmek işleri dowam edýär. Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleri, Mary welaýatynyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda bolsa hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär.

(TDH)