Dünýäde gazananlary ykrar edilýän Arkadag şäheri halkymyzyň abadan durmuşynyň görkezijisidir

9 Sentýabr 2024
17

7-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we häkim G.Mämmedowa Gahryman Arkadagymyzy uly hormat bilen garşyladylar hem-de häzirki döwürde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri, gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdiler.

Ilki bilen, D.Orazow Gahryman Arkadagymyzy şäheriň ähli ilatynyň adyndan täze şäheriň Koreýa Respublikasynda geçirilen «World Smart City Expo» atly halkara sergisinde üç ugur boýunça ýörite baýraklara mynasyp bolmagy bilen gutlady hem-de halkara derejeli forumlara gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize, Milli Liderimize hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol döwlet Baştutanymyzyň degişli Buýrugy esasynda türkmen wekiliýetiniň «akylly» şäherleriň sergisine gatnaşmak, Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterini amala aşyrmak üçin zerur bolan Koreýa Respublikasynyň lukmançylykda ulanylýan serişdelerini öndürijiler bilen duşuşmak we degişli zawodlary ýerinde görmek maksady bilen, Seul şäherinde gulluk iş saparynda bolandygyny aýtdy.

«Nebit-gaz».