Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “akylly” şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdy

9 Sentýabr 2024
22

7-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi we täze şäheriň ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy.

Ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri täze şähere nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we häkim G.Mämmedowa Gahryman Arkadagymyzy uly hormat bilen garşyladylar hem-de häzirki döwürde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri, gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdiler.